ABŞ-da guralan ýaragly hüjümler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde ýaragly hüjüm guraldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde ýaragly hüjüm guraldy
ABŞ-nyň Çikago şäherinde Hellouini belläp geçmek üçin bir ýere jemlenen adamlara şübhe astynda bolan ulaglaryň birinden od açylmagy netijesinde 14 adam ýaralandy.
ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde ýaragly hüjüm guraldy.
Düýn agşam Hellouini belläp geçmek üçin bir ýere jemlenen adamlara şübhe astynda bolan ulaglaryň birinden od açyldy.
Polisiýa gullugy tarapyndan hüjüm bilen bagly berilen beýanatda 2-si çaga jemi 14 adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Çikago şäheriniň Polisiýa depratamentiniň metbugat geňeşçisi Dewid Brown ýaralanan käbir adamlaryň saglyk ýagdaýynyň tankydydygyny we bejergileriniň dowam edýändigini aýan etdi.
Dewid Brown geçirilen deslapky derňewde ulagyň içinde 2 adamyň bolandygyny pikir edýändiklerini mälim etdi.
ABŞ-nyň Kanzas ştatynda düýn agşam Hellouin bilen bagly öýleriň birinde geçirilen çärede guralan ýaragly hüjümde 1 okuwçy ýogaldy, 6 okuwçy bolsa ýaralandy.
Polisiýa gullugynyň şefi Karl Oakman metbugata beren beýanatynda, Hellouin bilen bagly öýleriň birinde 100-e golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen çärede, şahsyýeti entek anyklanyp bilinmedik adamlaryň od açmagy netijesinde 17 ýaşynda bir çaganyň ýogalandygyny, ýaşlary 15 bilen 18 ýaş üýtgeýän 6 okuwçynyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.
Hüjüm bilen bagly başladylan derňew işiniň dowam edýändigi aýan edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýarag götermek azatlygy tutuş ýurtda ýaragly zorluga we atyşyklara sebäp boldy.
Amerikalylaryň köpüsi ençeme ýyl bäri bu ýurtda ýarag götermek we ýaraga eýeçilik etmek azatlygyna nägilelik bildirip, öz ýurdunyň kanunlaryna üýtgetmeleri girizmegi talap edýärler, ýöne ýarag lobbi bu ýurtda şeýle bir güýçli welin, Kongres şu wagta çenli ABŞ-da ýarag götermegi çäklendirmek hakda anyk çäreleri görendäldir.