Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa duýduryşy
(last modified Tue, 20 Dec 2022 15:56:07 GMT )
Dec 20, 2022 20:56 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa duýduryşy

Demirgazyk Koreýa Ýaponiýanyň milli goranmak strategiýasyna geçmegini ýazgaryp, oňa garşy has güýçli harby çäre görjekdikleri barada duýduryş berdi

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ýaponiýanyň beýleki ýurtlara garşy, garşylyk görkezmek syýasatyny kabul edip, sebit üçin howp emele getirýändigi bellendi. 

Beýanatda Ýaponiýanyň täze howpsuzlyk syýasaty bilen Gündogar Aziýadaky howpsuzlyk şertlerini düýbünden üýtgedendigi we Ýaponiýanyň ýalňyş we örän howply ýol saýlandygy bellenip, Demirgazyk Koreýanyň şol strategiýa garşy has berk harby çäreler görjekdigi nygtaldy. 

Ýaponiýanyň täze howpsuzlyk syýasaty bilen, duşman bazalaryny nyşana alyp bilmek mümkinçiligini edinjek strategiýa geçmeginiň ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Ýaponiýanyň hukuksyz we çendenaşa göçümine jogap hökmünde Demirgazyk Koreýa fakta esaslanýan hereketlerden nähili derejede aladaly we nägileligini bildirmäge dowam eder" diýip habar berdi. 

Ýaponiýa 16-njy dekabrda II Jahan urşyndan soň alyp barýan syýasatlaryna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizip, duşmana degişli bazalary nyşana alyp bilmek mümkinçiligine eýe bolmak strategiýasyna geçipdi. 

Hytaýyň Ýuwaş okeanynda harby taýdan giňelmek we Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmalary bilen birlikde sebitleýin howplara garşy Ýaponiýa, goranmak syýasatyna goşmaçalar we üýtgeşmeler girizipdi. 

Aýtmak ýerli,ýakynda Koreýa Respublikasynyň Baş ştaby Demirgazyk Koreýanyň gündogar tarap ýerli wagt boýunça sagat 10:18-de materikler arasy raketa atandygyny mälim etdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi hem Koreýa ýarym adasynyň günbataryndan raketa atylandygyny tassyklady.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Rumio žurnalistlere beren beýannamasynda raketanyň Ýaponiýanyň milli zolagyna düşendiginiň çaklanylýandygyny aýtdy.

Kişida “kabul edilmesiz” hökmünde häsýetlendiren Dergazygyň “meçew beriji aksiýasyny” ýapon hölümetiniň ýazgarýandygyny beýan etdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Hamada Ýasukazu Demirgazyk Koreýanyň “ozal görülmedik ýygylykdaky raketa synag işlerine” garşy durýandyklaryny aýtdy.

Sebitleýin dartgynlygyň artandygyny nygtan ministri Hamada, ýurdunyň howpsuzlygy üçin Demirgazyk Koreýanyň raketa tehnologiýalaryndaky ösüşiň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy.

Raketanyň ýerli wagt boýunça sagat 11:20-de Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hakkaiodo sebitiniň gümbataryna düşendigi habar berildi.

 

 

 

Tags