Dec 28, 2022 12:23 Asia/Ashgabat

Sankt-Peterburgda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň resmi däl ýygnagynyň çäginde Russiýanyň prezidenti Belarusyň prezidenti we Ermenistanyň premýer-ministri we käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we olar bilen maslahatlaşdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburgda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň resmi däl ýygnagynyň çäginde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bolan duşuşygynda birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdy.

Bu duşuşykda Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenko Minskde, esasanam ykdysady pudakda başlanan gepleşikleriň tamamlanmagy barada pikir alyşdylar.

Russiýanyň prezidenti, şeýle hem, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Garabag sebitindäki ýagdaý we Ýerewan bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklar barada maslahatlaşdy.

Wladimir Putin şeýle-de, Garabag sebitindäki ýagdaýy we Ýerewan bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin onuň, Nikol Paşinýan we Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda üç taraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

Bu aralykda, Nikol Paşinýan Wladimir Putine Garabag sebitindäki rus goşunynyň bu sebitde hereket azatlygyny kepillendirip bilmeýändikleri üçin tankyt bildirdi.

Baku bilen Ýerewanyň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilendigine garamazdan, Garabag sebitindäki serhet dartgynlygy henizem dowam edýär we soňky aýlarda iki tarap birek-biregi atyşygy birnäçe gezek bozmakda aýyplaýarlar.

Tags