Talybanyň dünýä bilen gatnaşygy diňe şerigat düzgünlerine esaslanýar
(last modified Wed, 11 Jan 2023 10:02:21 GMT )
Jan 11, 2023 15:02 Asia/Ashgabat
  • Talybanyň dünýä bilen gatnaşygy diňe şerigat düzgünlerine esaslanýar

Talybanyň lideriniň aýtmagyna görä, dünýä bilen gatnaşyklarymyz diňe yslamyň mukaddes dininiň şerigatynyň kadalaryna esaslanýar we başga bir sebäbi kabul edip bolmaz.

Soňky bir ýarym ýylda birtaraplaýyn syýasatyň kabul edilmegi sebäpli Talyban hökümetiniň dünýä arenasynda izolýasiýa edilmegine garamazdan Talyban henizem Yslam kanunlary bahanasy bilen buýruklaryny ýurtda durmuşa geçirmäge synanyşýar.

"Owgan sesi" (Ava) habar gullugynyň habaryna görä, Talyban hökümetiniň lideri Hebatullah Ahundzadeh howpsuzlyk edaralaryň birisini baryp görende eden çykyşynda "Dünýä bilen gatnaşygymyz yslamyň mukaddes dininiň kanunlaryna esaslanýar we başga sebäpler biziň üçin kabul ederliksizdir.

Ol şeýle-de ähli işgärlerden yslam düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine taýynlanmagyny isledi".

Tags