Gyzyl Haç Owganystanda serebral ysmazlygynyň ýaýramagy barada duýduryş berdi
(last modified Fri, 13 Jan 2023 10:15:41 GMT )
Jan 13, 2023 15:15 Asia/Ashgabat
  • Gyzyl Haç Owganystanda serebral ysmazlygynyň ýaýramagy barada duýduryş berdi

Halkara Gyzyl Haç komiteti Owganystanda serebral ysmazlygynyň ýa-da şol beýni ysmazlygyň ýaýramagy barada duýduryş berdi.

Owganystan häzirki wagtda Amerikan goşunynyň we onuň ýaranlarynyň ýigrimi ýyllap basyp almagy netijesinde ýüze çykan gumanitar, ykdysady we azyk krizisine duçar bolýar.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Halkara Gyzyl Haç komiteti şu gün (anna) Owganystandaky saglyk ýagdaýynyň erbetdigine alada bildirdi we serebral ysmazlygyndan ejir çekýän çagalaryň bu ýurtda 50% ýokarlandygyny habar berdi.

Bu habara görä, beýni ysmaz hassalarynyň sany 2021-nji ýylda 1251, 2022-nji ýylda 1673-e ýetdi.

Myşsalara gözegçilik etmezlik, bedeniň deňagramlylygyny ýitirmek, meýletin hereketler çagalarda bu keseliň alamatlaryndan biridir.

Köplenç çagalarda ýüze çykýan serebral ysmazlygynyň sebäbi maşgalalarda saglyk düşünjesine üns bermezlik we enelerde göwrelilik döwründe öz wagtynda synag geçirmezlik üçin bolýar.

Tags