Ukraina Berilýän Harby Kömegiň Dowam Etdirilmegi Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy
Olaf Şols, Jo Baýden, Emmanuel Makron, Rişi Sunak we Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Germaniýanyň Federal Kanskeri Olaf Şols, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak we Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Nemes hökümetinden berlen beýannama görä, liderler telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky soňky ýagdaý we Ukrainanyň rus hüjümlerine garşy alyp barýan göreşi hakynda pikir alyşdy.
Beýannama görä, liderler NATO-nyň çäginde Ukraina berilýän harby kömegiň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.
Şeýle-de,Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols mesele bilen bagly beren beýanatynda: "Bu karar Ukrainany elimizden gelýän iň gowy ýagdaýda goldamak çyzgymyzy beýan edýär. Halkara derejede koordinasiýa içinde hereket edýäris" diýip belledi.
Germaniýanyň hökümediniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýt, ýurdunyň Ukraina harby ätiýaçdan ilkinji tapgyrda 14 sany bolmak bilen 2 brigada Leopard taňkyny berjekdigini mälim etdi.
Şteffen Hebestraýt ukrainaly esgerleriň Germaniýadaky tälimlerine ýakyn wagtda başlajakdyklaryny we Germaniýanyň Ukraina logitsika we ok-däri taýdan kömek berjekdigini belledi.
Şteffen Hebestraýt 3-nji ýurtlaryň ellerindäki Leopard 2 taňklaryny hem Ukraina ugradylmagynyň tassyklanandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Russiýa garşy agyr ýaraglar üpjün etmek babatynda Germaniýa garşy basyşlar artypdy. Germaniýanyň önümi bolan Leopard 1 taňklary, Ukraina beriljek goldawlar bilen bagly jedellerde gün tetibe gelipdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň hepdäniň dowamynda Ukraina M1 Abrams taňklaryny bermek barada karar kabul etjekdigi habar berildi.
Amerikaly ýolbaşçy “Prezident Baýden ertir ýada hepdäniň dowamynda Ukraina M1 Abrams tanklaryny berjekdiklerini mälim eder” diýdi.
Amerikaly ýolbaşçysy, Abrams bukjasynyň 30-50 tanky öz içine alýandygyny belledi.
Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň Ukraina bermegi meýilleşdirýän Abrams taňklarynyň täsiriniň ulaldylmaly däldigini belläp: "Şol taňklar hem beýleki taňklar ýaly ýanar. Emma örän gymmat we tölegi ýewropaly salgyt töleýjiler tarapyndan beriler" diýip aýtdy.