Dollar Russiýa bilen Müsüriň arasyndaky söwdadan aýrylýar
Russiýanyň Müsürdäki ilçisi Moskwa bilen Kairiň ABŞ-nyň dollaryndan daşlaşmak üçin özara söwdada milli walýutalara geçmek barada geňeşme geçirýändigini aýtdy.
"Sputnik" habar gullugyna beren interwýusynda Russiýanyň Müsürdäki ilçisi Georgy Borisenko 2022-nji ýylyň ýazyndan bäri Moskwa bilen Kairiň arasynda özara söwda hasaplaryny hasaplaşykda milli walýuta geçirmek meselesinde gyzgalaňly gepleşikleriň dowam edýändigini aýtmak bilen şeýle geçiriş Günbatar ýurtlarynyň walýutalaryny geosyýasy maksatlar üçin ulanýan özbaşdaklygynyň öňüni almaga kömek edýär diýdi.
Bu rus diplomaty şeýle-de, Moskwanyň daşary söwda gatnaşyklarynda dollaryň hümmetini aýyrmagyň ýolunda hereket etmegiň zerurdygyny aýtdy.
2018-nji ýylda Russiýa dollary ykdysadyýetinden aýyrmak meýilnamasyny tassyklady we bu meýilnamanyň çäginde, bu ýurduň daşary söwdasynda dollardan daşlaşmak bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek prosesi 6 ýylyň içinde tizlenmeli.