ABŞ, Hytaýyň, Russiýa-Ukraina Söweşi Baradaky Tutumy Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar
Ak Tamyň milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat secretary Jon Kirbi, resmi Pekiniň, Ukraina söweşi baradaky tutumynyň möhümdigini nygtady.
Ak Tamyň milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Kirbi, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpiniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmek ähtimallygyna goldaw berýändiklerini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler Sin Gan bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Hytaýyň Daşary işler ministri dartgynlygyň çuňlaşmagyna alada bildirýändiklerini aýtdy.
Sin Gan, Hytaýyň adalatly tutum alyp barýandygyny belledi.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi we şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.
Emma ,Halkara Stokgolm parahatçylyk institutynyň global ýarag geçirmeleri hakyndaky habarnamasyna görä 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi ABŞ-dan we Ýewropadan Kiýewe uly mukdarda harby kömegiň ugradylmagyna sebäp boldy.
Ol hem Ukrainany 2022-nji ýylda dünýäniň ýarag eksportunda 3-nji orna göterdi.
Ukraina 1991-nji ýylda Soweý Soýuzynyň dargamagyndan soň garaşsyzlygyna eýe boldy we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uly göwrümli ýarag import etdi. Emma 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Ukraina yglan eden söweşi bu ýagdaýy düýpli özgertdi.
İnstitutyň Ýarag geçirmeleri maksatnamasynyň baýry ylmy barlagçysy Pieter Wezeman geçen ýyl global ýarag geçirmeleriniň azalandygyna garamazdan Russiýanyň Ukraina hüjümleriniň başlamagyndan soň Ýewropa ýurtlarynyň ýarag eksportunyň mukdaryny we depginini ýokarlandyrmak isländigini nygtady.
İnstitut ýarag eksportunda uzak ýyllardan bäri ABŞ-nyň we Russiýanyň höklüm sürýändigini, adybir iki ýurduň soňky 30 ýylyň esasy ýarag eksportçysydygyny beýan etdi.
Görkezijiler ABŞ-nyň ýarag eksportunyň 2013-2017-nji ýyllaryň aralygynda 14 göterim artandygyny we we 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda global ýarag eksportunyň 40 göteriminiň Waşington tarapyndan edilendigini görkezýär.
Russiýanyň ýarag eksporty degişli döwürde 31 göterim aşaklan bolsa, dünýädäki ýarag ekportundaky paýy 22 göterimden 16 göterime düşdi.