Amerikaly kanun çykaryjylar Baýdeniň Ukraina ýarag ibermegini bes etmegini isleýärler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21398-amerikaly_kanun_çykaryjylar_baýdeniň_ukraina_ýarag_ibermegini_bes_etmegini_isleýärler
Amerikaly respublikan kanun çykaryjylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentinden Ukrainadaky söweş bahanasy bilen bu ýurda ýarag ibermegi bes etmegini islediler.
(last modified 2023-04-21T08:38:53+00:00 )
Apr 21, 2023 13:38 Asia/Ashgabat
  • Amerikaly kanun çykaryjylar Baýdeniň Ukraina ýarag ibermegini bes etmegini isleýärler

Amerikaly respublikan kanun çykaryjylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentinden Ukrainadaky söweş bahanasy bilen bu ýurda ýarag ibermegi bes etmegini islediler.

"Fox News" -yň habaryna görä, Wekiller palatasynda we ABŞ-nyň Senatynda respublikan 19 kanun çykaryjy, Ukrainadaky söweş bahanasy bilen bu ýurda ýarag ibermegiň has dartgynlylyga sebäp boljakdygyny öňe sürmek bilen düýn, penşenbe güni Jo Baýdeniň administrasiýasyna hat ibermek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentinden Ukraina ýarag ibermegi bes etmegi haýyş etdiler.

Bu hat, Kiýew Ukrainadaky söweş bahanasy bilen Amerikanyň “Patriot” roketa ulgamlaryny alandan soň ABŞ hökümetine iberildi.

Giň gerimli syýasy, harby, ykdysady, jemgyýetçilik we hatda medeni netijeleri bilen Ukrainadaky söweş indi 14-nji aýyna girendir we Günbatar ýurtlary henizem Ukraina ýarag iberýärler.