Apr 23, 2023 19:24 Asia/Ashgabat
  • Stoltenberg Ukrainany Soňuna Çenli Goldajakdyklaryny Beýan Etdi

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Ukraina Prezident Zelenskiý bilen duşuşdy.

 NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Ukrainanyň paýtagty Kiýewe guran duýdansyz saparynda Russiýa bilen söweşde Ukraina soňuna çenli goldaw berjekdiklerini aýtdy.

Stoltenberg Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina hüjüme başlamagyndan soň ilkinji gezek Kiýewe sapar etdi.

Baş sekretarlyk wezipesiniň dowamynda Ukraina 4-nji saparyny guran Stoltenberg, Prezident Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Sapary hakynda sosial mediadan habarnama beren Stoltenberg Kiýewe gelip Zelenskiý bilen duşuşmagyň özüni buýsandyrýandygyny nygtady.

NATO-dan berilen beýannamada-da Stoltenberg bilen Zelenskiýiniň metbugat ýygnagyny geçirendigi mälim edilip, Baş sekretarynyň çykyşyna orun berildi.

Ukrainalylara ýüzlenip; “NATO, şu gün, ertir we soňuna çenli sizin ýanynyzda” diýen Stoltenberg, Russiýa garşy Ukrainany goldajakdyklaryny nygtady.

Stoltenberg NATO-nuň ýaranlarynyň 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyndan bäri Ukraina 65 milliard ýewrosy harby kömek, jemi 150 milliard ýewrolyk kömek berendigini, geçen ýyllaryň dowamynda onlarça müň ukrain esgerine tälim berendigini, harby uçarlary, tanklary, sowutly ulaglary berendigini we olaryň söweş meýdanynda tapawutlanýandygyny aýtdy.

Ýaranlaryň howpsuzlyk bähbitleriniň Ukraina goldaw bermegi talap edýändigini nygtan Stoltenberg; “Ukraianyň hakly ýeri Ýewropa-Atlantika maşgalasydyr. Ukrainanyň hakly orny NATO-dyr. Wagtyň geçmegi bilen goldawymyz ony iş ýüzüne geçirer” diýdi.

Ýens Stoltenberg saparynyň ahysynda Zelenskiý bilen Halkara jemgyýetler we sebitler sammitinde çykyş etdi.

Şeýle-de Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

İki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda we energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň möhümdigini nygtan Putin bilen Salmanyň, OPEGE agza we nebit öndirýän agza däl ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirendigi nygtaldy.

Putin bilen Salmanyň Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.

Wladimir Putin telefon söhbetdeşliginde Saud Arabystanynyň hökümetini we halkyny Oraza baýramy bilen gutlady.

 

 

 

Tags