Britaniýada monarhiýa ulgamyna garşy demonstrasiýalar; "Biz patyşa islemeýäris"
Çarlz III-iň Britaniýanyň täze şasy hökmünde täç geýdirmek dabarasy bilen bir wagtyň özünde monarhiýanyň garşydaşlary bu ýurduň paýtagty Londonda we beýleki şäherlerinde çykyş etdiler.
Şa aýal abethelizaweta II-iň uly ogly Çarlz III, 6-njy maý, şenbe güni Iňlis täjini aldy. Ol ejesi ölenden soň, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri patyşa hökmünde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär, ýöne täç geýdirmek dabarasyny gadymy däp-dessurlara laýyklykda birnäçe aýdan soňa goýdy.
“Sky News” teleýaýlymy Iňlis korolynyň täç geýdirmek dabarasynyň cykdaýjysynyň 250 million funt sterlinge barabardygyny ýene bir ybarartda 314 million dollara barabar bolandygyny aýtdy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Iňlis raýatlary we Angliýadaky monarhiýa ulgamyna garşy çykýanlar Londondaky monarhiýa garşy geçirilen uly demonstrasiýa gatnaşyp, bu Ýewropa ýurdunyň monarhiýa ulgamynyň demokratiýa däldigini, halk tarapyndan tassyklanmaýan jynsparaz institutdygyny we şeýle-de gaty çykdaýjyly bolýandygyny şeýle hem, bu şa ulgamy genosid we jynsparazlyk döwrüni ýada salýandygyny öňe sürýärler.
Iňlis monarhiýasyna garşy çykýanlar bu Ýewropa ýurdunyň halkynyň täç geýdirmek dabarasy üçin pul tölemeli däldigini bellemek bilen, Iňlis halkynyň şa halkynyň özüni alyp barşyny ýigrenýändigini aýtdylar.
Angliýada monarhiýanyň uzak taryhyna garamazdan, soňky onýyllyklarda dürli sebäplere görä oňa garşylyk artdy. Bu ýagdaýlaryň arasynda ahlak dawa-jenjelleri we şa maşgalasynyň agzalarynyň arasynda köp aýrylyşmalar, Patyşa maşgalasynyň, nikadan başlap, jaýlanyş we täç geýdirmek üçin ägirt uly çykdajylary we Aýlyk haklaryny we hökümet býudjetinden alýan girdejileriniň görnüşlerini agzap bolar.