Srinagarda geçiriljek G20 ýygnagynyň öňüsyrasynda howpsuzlyk çäreleri
Howpsuzlyk çäreleri Hindistanyň gözegçiligindäki Jammu we Kaşmiriň paýtagty Srinagarda geçiriljek G20 syýahatçylyk sammitiniň öňüsyrasynda güýçlendirildi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Srinagarda 2023-nji ýylyň 22-24-nji maýynda G20 syýahatçylyk ýygnagyny geçirer we şonuň üçin bu ugurda ýörite howpsuzlyk çäreleri döredildi.
Milli howpsuzlyk gwardiýasynyň reýnjerleri we Hindi deňiz flotunyň deňiz serkerdeleri Srinagarda howpsuzlyk çärelerini döretmekde işjeň we gönüden-göni gatnaşýarlar.
Hindistan hökümeti 2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda bu ýurduň musulmanlaryň köplügi bolan ýeke-täk sebitiniň aýratyn statusyny (özbaşdaklygyny) ýatyrandan soň, G20 syýahatçylyk ýygnagynyň Jammu we Kaşmir sebitiniň merkezi Srinagar şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.
Hytaý Srinagar sebitinde geçiriljek G20 syýahatçylyk ýygnagyna gatnaşmajakdygyny mälim edeninden soň, Hindistan bu sanksiýa reaksiýa bildirip, bu sebitiň Hindistanyň çäginiň bir bölegidigini we bu ýurduň islendik ýerinde ýygnagy geçirip bilinjekdigini aýtdy.
ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý, Russiýa, Indoneziýa, Türkiýe, Argentina, Hindistan, Günorta Afrika, Angliýa, Italiýa, Ýaponiýa, Saud Arabystany, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Günorta Koreýa, Meksika we Ýewropa Bileleşigi G20 toparyň agzalarydyr.