Mýanmardaky musulmanlaryň ýenede gyrana berilmegi barada BMG-sy duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i2199-mýanmardaky_musulmanlaryň_ýenede_gyrana_berilmegi_barada_bmg_sy_duýduryş_berdi
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň ýörite maslahatçysy Mýanmar döwleti bu ýurdyň Rahin welaýatindäki Ruhingiýaly musulmanlara garşy ýene bir nesil gyrgynçylygyny amala aşyrmakçydyr diýip duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 14, 2018 21:04 Asia/Ashgabat
  • Mýanmardaky musulmanlaryň ýenede gyrana berilmegi barada BMG-sy duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň ýörite maslahatçysy Mýanmar döwleti bu ýurdyň Rahin welaýatindäki Ruhingiýaly musulmanlara garşy ýene bir nesil gyrgynçylygyny amala aşyrmakçydyr diýip duýduryş berdi.

Sky news habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Adama Ding ele gowşan maglumatlar Mýanmar döwletiniň Rahin welaýatini musulmanlardan arassalamak barada tutum tutanlygyny mälim edýär diýdi.

egerde bu maglumatlaryň dogrylygy belli bolsa Miýanmar döwletiniň işi nesil gyrgynçylygy we uly jenaýatdyr diýip Ding sözüne goşdy.

2017-nji ýylyň Awgust aýyndan Mýanmar döwleti Ruhingiýaly musulmanlara garşy jenaýatlaryna başlady.