NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleriniň Maslahaty Brýusselde Geçirilýär
Maslahatda Litwada geçiriljek NATO-nyň liderler sammiti üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşar
NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahaty Belgiýanyň paýtagt Brýusselde geçirilýär.
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltelbeg maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, maslahatda iýul aýynyn 11-12-i aralygynda Litwada geçiriljek NATO-nyň liderler sammiti üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýtdy.
Stoltenberg, guramanyň Ýewropa gornyş meýilnamasy bilen goranyş senagatynyň önümçiliginiň artdyrylmagy meselesiniň hem gün tertibine getiriljekdigini belledi.
NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna, NATO agzalyga çagyrlan Şwesiýanyň Goranmak ministri Pol Jonson hem gatnaşdy.
Şele-de NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
Şwesiýanyň NATO agzalygynyň Wilnýusda geçiriljek sammite çenli ýetişip-ýetişmejekdigi bilen bagly soraga Stoltenberg, düýn paýtagt Ankara şäherinde Türkiyäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasyndaky Hemişelik umumy mehanizm maslahatynyň geçirilendigini, onuň konstruktiw gurşawda geçendigini habar berdi.
Ýens Stoltenberg geçen ýyl Madritde geçirilen sammitde gazanylan Üçtaraplaýyn mehanizmiň çäginde Şwesiýanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirendigini mälim etdi.
"Türkiyäniň kanuny howpsuzlyk aladalary bar. Hiç bir ýaran Türkiye ýaly terrordan zyýan çekmedi" diýip aýdan Stoltenberg, Şwesiýanyň agzalygy babatynda bolsa: "Şwesiýanyň agzalygy Wilnýusde geçiriljek sammite çenli mümkin, emma oňa güwä geçip bilmerin. Şwesiýanyň agzalygynyň iň gysga wagtda mümkin bolmagy üçin iş alyp barýarys. Şol sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren gepleşiklerden we bu hepde geçirilen hemişelik mehanizmiň geçirilmeginden hoşaldyryn" diýip belledi.