Jun 18, 2023 17:04 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hytaýa bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hytaý bilen dartgynlygy azaltmak üçin Pekine bardy.

Pekin we Waşington ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Hytaýa iki günlük saparynda öňegidişlige garaşmaýarlar, sebäbi söwda, tehnologiýa, howpsuzlyk we syýasat ýaly birnäçe meselede gapma-garşydyrlar.

France Press -iň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken ýekşenbe güni bir amerikan resmisiniň soňky bäş ýylda eden saparynyň iň ýokary derejesinde Hytaýa bardy we bäsdeş güýçler dartgynlygy azaltmaga synanyşýarlar.

Blinken dört aý ozal Hytaýa gitmelidi. Sapar etmek karary ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň noýabr aýynda Bali şäherinde geçirilen duşuşygynyň netijesi boldy. Emma Blinken, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň topragynda Hytaýyň içaly şaryny tapandygyny mälim edeninden soň, sapary birden yza süýşürdi.

Tags