Jul 26, 2023 21:14 Asia/Ashgabat
  • ÝB Dini Kemsitmeleri Kabul Etmeýar

Bu barasynda ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatlar boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel beýannama berdi.

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatlar boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Şwesiýada we Daniýada Gurhana garşy geçirilen aksiýalardan soň dini kemsitmeleri höweslendiriçi ähli aksiýalara garşy durýandyklaryny beýan etdi.

Borrell Gurhana edilen kemsitme boýunça beren beýannamasynda; “Ýewropada käbir adamlaryn köp sanly musulmany biyncalyk eden aksiýalardan soň ÝB, dini ýigrenciň we tolerantsyzlygyň höweslendirilmeginiň ähli görnüşine berk garşy durýar” diýdi.

Dini cemagatlara sarpa goýmagyň ÝB-niň gymmatlyklaryndan biridigini nygtan Borrell, Gurhana ýa-da haýsydyr bir mukaddes kitaba edilen kemsitmäniň açyk meçew berme häsýetlidigini beýan etdi.

Borrell rasizmiň, daşary ýurt duşmançylygynyň we tolerantsyzlygyň ÝB-de ornunyň ýokdugynyo nygtap; “Dini azatlyklary we söz azatlygyny içerde hem-de daşarda goldamaga dowam ederis. Emma kanuny bolan ähli zat ahlaky däl. Özara düşünişmek we sarpa goýmak möhüm. Meçew bericileriň geçiren aksiýalary diňe bir bizi we cemgyýetlerimizi bölmäge çalyşýanlara hyzmat eder” diýdi.

Emma,Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Yragyň Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň basgylanmagyna garşylyk görkezdi.

YHG-nyň Baş sekretary Ibrahim Taha tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, ady agzalýan meçew beriji hüjüm ýazgaryldy we bu kemsidiji hüjümiň sebäp bolup biljek agyr netijelerine garamazdan Şwesiýanyň ýolbaşçylarynyň degişli çäreleri görmezliginiň özlerini biynjalyk edendigi nygtaldy.

Beýannamada, Şwesiýaly ýolbaşçylara “Şuňa meňzel meçew beriji hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegi barada” çagyryş berildi.

Şwesiýada ozal hem Gurhany ýakan asly yrakly Salman Momika golaýdaYragyň Şwesiýadaky ilçihanasynyň öňünde Gurhany we Yragyň baýdagyny basgylamak bilen yslam dinini kemsidipdi.

Momika, 28-nji iýunda Gurban baýramynyň birinji gününde Stokgolm metjidiň öňünde howpsuzlyk güýçleriniň gözüniň öňünde Gurhany ýakypdy.

 

 

Tags