Sep 28, 2023 14:52 Asia/Ashgabat
  • Daşkent howa menzilinde elhenç partlama

Özbegistanyň Daşkent howa menziliniň gümrük ammarynda bolan güýçli partlama 163 adamyň ýaralanmagyna we bir adamyň ölmegine sebäp boldy.

Düýn agşam Daşkendiň "Sargli" etrabynda güýçli partlama boldy. Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 02: 43-de bu ýurduň paýtagtynyň howa menziliniň golaýyndaky Kurowçilar sebitinde ýerleşýän ammarlaryň birinde partlama we ýangyn barada habar gelip gowuşdy.

Ýangyn margarin, günebakar ýagy, maýonez we ketçup saklanýan sowuk ammarynda ýüze çykdy.

Bişkekden Fars habar gullugynyň habaryna görä; Özbegistanyň ýangyn söndüriji we halas ediş topary wakanyň ýüze çykan ýerinde huzurly bolup ýangyn ir sagat 5-de söndürildi.

Bu habara görä, bu heläkçilikde ýaralananlaryň umumy sany 163 adam bolup, 24 adam Daşkent sebitiniň gyssagly lukmançylyk merkezinde keselhana ýerleşdirildi. Şeýle hem, bu hadysada 2006-njy ýylda doglan ýetginjek oglan derrew öldi.

Özbegiýanyň premýer-ministri Abdullah Aripow we Daşkent şäheriniň häkimi Şawkat Umarzakow partlamada zeper ýeten kwartiralaryň eýelerine kompensasiýa beriljekdigini habar berdiler.

Tags