Makronyň sionist režimeimiň Gazadaky palestinalylara garşy edýän jenaýatlaryny duruzmak islegi
(last modified Sat, 11 Nov 2023 07:44:46 GMT )
Nov 11, 2023 12:44 Asia/Ashgabat
  • Makronyň sionist režimeimiň Gazadaky palestinalylara garşy edýän jenaýatlaryny duruzmak islegi

Fransiýanyň prezidenti sionist režimiň Gazadaky palestinalylara garşy edýän jenaýatlaryny we hüjümlerini bikanun diýip atlandyrmak bilen Sionist režimiň palestinalylara garşy edýän bu jenaýatlarynyň we hüjümleriniň bes edilmegini isledi.

Sputnikiň habaryna görä, geçen anna güni agşam Fransiýanyň prezidenti "Emmanuel Makron", Sionist režimiň Gazadaky palestinalylara garşy edýän jenaýatlarynyň we hüjümleriniň bes edilmegini islemek bilen Sionist režim tarapyndan Gazada parahat ilaty bombalamak üçin hiç hili esas ýokdyr we parahat ilatyň ölümi gahar we ýigrenji döredýär diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleriniň bir topary, sionist režimi Gaza zolagyny doly gurşap almagyny dowam etdirýän mahaly, palestinalylaryň genosid howpuna duçar bolýandyklaryny duýdurdylar.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä, sionist režimiň Gazada 35-nji gününde eden hüjüminde şehit bolanlaryň sany 11 müň 78 şehit boldy, şehitleriň arasynda 4 müň 506 çaga, 3 müň 27 aýal we 678 garry adam bar.

Şeýle hem, Sionist režimiň jenaýatlarynda ýaralananlaryň sany 27,490 adama ýetdi.