Nov 25, 2023 12:48 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň Daşary işler ministri: Russiýa we Eýran bilen gowy gatnaşyklarymyz bar

Hytaýyň daşary işler ministri Russiýa we Eýran bilen gowy gatnaşyklarymyzy yzygiderli dowam etdirýäris we ähli meseleleri syýasy we konstruktiw gepleşikler arkaly çözmäge synanyşýarys diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Yi anna güni Pekinde Fransiýanyň Daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda diňe bir Russiýa we Eýran bilen däl, eýsem Fransiýa ýaly beýleki ýurtlar bilen hem gaty gowy gatnaşyklarymyzyň bardygyny aýtdy.

Wang Yi şeýle-de Pekiniň sebit we halkara meselelerini çözmekde elmydama adalatly we bitarap pozisiýany eýelemäge synanyşýandygyny aýtdy.

Bu hytaý resmisi ähli jedelleriň gepleşikler we geňeşmeler arkaly çözülmelidigini aýtdy. Wang Yi sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: Dünýäde durnuklylygy we asudalygy goramagy dowam etdireris.

IRNA-nyň habaryna görä, statistikalara görä, Hytaýyň Eýrana maýa goýumlary 2022-nji ýylda 150% ösüp, Hytaýyň beýleki ýurtlarda goýýan ortaça mukdaryndan ýokarydyr.

Tags