Dec 07, 2023 20:53 Asia/Ashgabat
  • Guterresiň BMG Howpsuzlyk Geňeşine Gazadaky ýagdaý barada görlüp-eşidilmedik haty

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres seýrek bir ädimde, kanuny ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, Gazaň uruşyny ýatyrmak üçin,BMG Tertipnamasynyň 99-njy maddasyny işjeňleşdirdi .

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres seýrek bir ädimde, kanuny ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, BMG Tertipnamasynyň 99-njy maddasyny işjeňleşdirdi we BMG Howpsuzlyk Geňeşine Gazada çalt atyşygyň bes etdirilmegini nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda bary-ýogy 9 gezek ulanylan 99-njy madda, dünýäniň howpsuzlygy we parahatçylygy" howp astynda bolanda bu guramanyň Baş sekretaryna Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryny gyssagly ýygnaga çagyrmaga we duýýan ýagdaýynda gyssagly çäre görmegini haýyş edýär. "

Çarşenbe güni agşam, Antonio Guterres BMG Howpsuzlyk Geňeşine Gazadaky ýagdaý barada hat iberdi. BMG-nyň Baş sekretary bu hatda duýduryş berip,Gazadaky ýagdaý halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýar we halkara jemgyýetçiligi öz täsirinden peýdalanmalydyr diýdi. BMG-nyň Guterres BMG-ynyň Düzgünnamasynyň 99-njy maddasyna esaslanyp,BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryna basyş edip gumanitar krizisiň öňüni almagyny isledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Howpsuzlyk Geňeşine iberen hatynda, Sionist režimiň howa we gury ýer hüjümleriniň dowam etmegi sebäpli Gaza zolagynda ýagdaýyň görlüp-eşidilmedik ýaramazlaşmagy we bu Palestina sebitinde gumanitar betbagtçylygyň ýüze çykmagy görkezilýär. Statistikalara görä, Gazanyň 16,000-den gowrak adamy, köpüsi çagalar we aýallar şehit boldy we 34,000-den gowrak adam ýaralandy. Bir tarapdan sionist režimiň goşunynyň bombalary we keselhanalara hüjüm etmegi üçin  ýaralananlaryň we jesetleriniň köp bolmagy sebäpli, olary saklamak we ideg etmek mümkin däldyr. Şol bir wagtyň özünde Tel Awiwiň ýolbaşçylary zalym we adamkärçiliksiz hüjümleriniň dowam etmegini nygtadylar. 7 günlük wagtlaýyn parahtçylyk şertnamanyň gutarandan soň, Sionist režimi Gaza garşy hüjümlerini has-da güýçlendirdi. Görlüp-eşidilmedik derejede agyr bolan bu hüjümler Gaza zolagynda ep-esli palestinalyny gyrana berdi we müňlerçe adamy öýlerinden göçürdi.

Gazanyň halky indi ne demirgazykda, ne merkezde, ne-de Gazanyň günortasynda Sionist goşunynyň jenaýatlaryndan   gaçybatalga ýa-da howpsuz ýer ýokdyr.

 

Tags