Owgan talybanlarynyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalarynyň giňeldilmegine beren jogaby
(last modified Mon, 18 Dec 2023 14:59:50 GMT )
Dec 18, 2023 19:59 Asia/Ashgabat
  • Owgan talybanlarynyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalarynyň giňeldilmegine beren jogaby

Talyban hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Talybana garşy sanksiýalarynyň ýene bir ýyl uzaldylmagyny tankytlady.

Owganystanda Talyban hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Talybana garşy sanksiýalarynyň ýene bir ýyl uzaldylmagyny tankytlady.

BMG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyny diňläninden soň hökman kabul edilen Howpsuzlyk Geňeşiniň bu karary, "Talyban" we Owganystandaky dolandyryşy üçin agyr zarba bolup biler. Sanksiýalaryň uzaldylmagy Birleşen Milletler Guramasynyň Talybanyň işinden nägileligini aňladýar we bu toparyň iň bolmanda indiki ýyl halkara derejesinde ykrar edilmegine bolan isleglerini ýok eder. Şol sebäpli, Howpsuzlyk Geňeşiniň bu topara garşy sanksiýalarynyň uzaldylmagyna jogap hökmünde Talybanyň metbugat sekretary muny esassyz hasaplady. Amerikanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli ugurlardaky agalygyny inkär edip bolmajakdygyna garamazdan, Talyban topary soňky iki ýylda owgan halkynyň raýatlyk hukuklaryna hormat goýmak üçin düýpli çäre görmedi.

Syýasy meseleler boýunça hünärmen "Mohsen Rui Sefat" "Talybanyň" ABŞ-nyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň hereketlerini, esasanam Gaza meselesi hakdaky işlerini tankytlamagy düýbünden esaslydyr, ýöne bu topar owgan halkynyň iň az raýatlyk hukuklarynyň berjaý edilmegi barada hem yslam alymlarynyň beren maslahatlaryna-da eýermeýär .Bu mesele ýurduň içindäki dürli toparlar tarapyndan tankyt edilýär we BMG-nyň Baş sekretarynyň hasabatynda hem agzalýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary BMG Howpsuzlyk Geňeşine eden hasabatynda aýallaryň we gyzlaryň iş we bilimdäki hukuklary ýaly meselelere ünsi çekdi we Talybanyň Owganystandaky bu köpçülige bildirilýän islege ähmiýet bermeýändigini aýtdy. Bilim we iş üpjünçiligi meselesi häzirki wagtda ähli ýurtlarda raýatlaryň esasy hukuklaryndan biri hasaplanýar we Owganystanyň halky hem bu hukuklardan paýly bolmaydyr, muňa garamazdan, Talyban Owganystanyň ilatynyň ýarysyndan gowragyny bilim we işden Iki ýyl mahrum etdi, Talyban Yslam edeplerine we taglymatlaryna esaslanman, Yslam dininiň taglymatlaryna ters gelýär. Yslam alymlary Kabula sapary wagtynda bu meselede Talybana duýduryş berdiler.

 

 

 

Tags