Tokaýew: Garaşsyzlyk Gazagystan üçin täze gözýetimler açdy
(last modified Tue, 19 Dec 2023 07:57:32 GMT )
Dec 19, 2023 12:57 Asia/Ashgabat
  • Tokaýew: Garaşsyzlyk Gazagystan üçin täze gözýetimler açdy

Gazagystanyň prezidenti bu ýurduň garaşsyzlyk güni bilen gutlaýan ýüzlenmesinde garaşsyzlygyň biziň ýurdumyz üçin täze gözýetimler açandygyny aýtdy.

Gazagystan 16-njy we 17-nji dekabry Garaşsyzlyk güni hökmünde belleýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň prezidenti "Gasem Jomart Tokaýew" bu baýramçylygyň halkyň agzybirliginiň nyşanydygyny we täze taryhy şertlerde ýurdumyzyň erkinliginiň we garaşsyz ösüşiniň nyşanydygyny aýtdy.

Tokaýewiň pikiriçe, durmuşyň ähli ugurlarynda başlanan çuňňur özgerişlikler köp asyrlyk taryhy wakalarymyzda täze bölüm açdy. Biz agzybirlik we durnuklylyk, kanun we tertip, jogapkärçilik we raýdaşlyk, bilim we iş ýaly gymmatlyklara bil baglap, bu belent maksada hökman ýeteris.

Gazagystanyň prezidenti şeýle-de garaşsyzlygyň ähli meselelerden ýokarydygyny aýtmak bilen geçen we geljek nesiller üçin borjumyz milletiň gülläp ösmegine daýanýan iň uly gymmatlyk höküminde bu mirasy gorap saklamakdyr diýdi.

Tokaýewiň pikiriçe, Gazagystan strategiki ýoluny ädim-ädim ynam bilen ýerine ýetirýär.