Eýran bilen Ýewraziýa Bileleşiginiň arasynda erkin söwda şertnamasyna gol çekildi
Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Eýran Yslam Respublikasynyň adyndan Ýewraziýa Bileleşiginiň wekilleri bilen erkin söwda şertnamasyna gol çekdi.
Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde goşulmagy we 2024-nji ýylyň başyndan Eýrany BRICS toparynyň täze agzasy hökmünde kabul edilmeginiň yzy bilen, Ýewraziýa bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyna gol çekmek Eýranyň beýleki ýurtlar bilen söwda alyş-çalyşlaryny ösdürmegiň ugrundaky ýene bir möhüm ädim hasaplanýar.
Şu gün (duşenbe), 25-nji dekabr, Ýewraziýa bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyna Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri we bu bileleşigiň bäş agza döwletiniň işgärleriniň gatnaşmagynda gol çekildi.
Ýewraziýa Bileleşiginiň agzalary Eýran Yslam Respublikasy we Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Ermenistan ýurtlary şu gün (duşenbe) Sankt-Peterburgda geçirilen dabarada erkin söwda şertnamasyna gol çekdiler.
Senagat, magdan we söwda ministri Abbas Aliabadi Eýran Yslam Respublikasynyň adyndan iki ýyldan gowrak dowam eden gepleşikleriň we bilermenleriň işiniň netijesi bolan bu şertnama gol çekdi.
Ýewraziýa Bileleşiginiň adyndan bu ykdysady bileleşige agza ýurtlaryň premýer-ministrleriniň orunbasarlary bu şertnama gol çekdiler.