Guterriş: “Umumyadamzat Ejir Çekýär”
Antoniu Guterriş 2023-nji ýylyň çaknyşyklar we gam-gussarlar bilen geçendigine ünsi çekip, “Umumyadamzat ejir çekýär” diýdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2023-nji ýylyň çaknyşyklar we gam-gussarlar bilen geçendigine ünsi çekip, “Umumyadamzat ejir çekýär” diýdi.
Guterriş täze ýyl mynasybetli wideo ýüzlenme berdi.
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýäniň howp astyndadygyny we 2023-nji ýylyň bellige alynan iň jöwzaly ýyl bolandygyny ýatladan Guterriş, adamlaryn şol bir wagtda ýoksullyk we açlyk çekýändigini beýan etdi.
Antoniu Guterriş kimdir birini günäkärlemegiň ýa-da nyşana almagyň peýdasynyn ýokdugyna ünsi çekip; “Umumyadamzat agzybir hereket etse güýçli bolar. 2024-nji ýylda ynamy we umydy gaýtadan dikeltmegiň ýyly bolmaly” diýdi.
Tapawutlyklaryň üssesinden gelip, çözgüt tapylmalydygyny nygtan Guterriş, esasanda howa, ykdysadyýet, ekstremizme garşy göreş ýaly ugurlarda hereket geçmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
“2023-nji ýyl elhenç gam-gussalaryň, çaknyşyklaryň we howa haosunyň başdan geçirilen ýyly boldy. Umumyadamzat ejir çekýär” diýen Guterriş, BMG-niň parahatçylyk, durnukly galkynyş we adam hukuklary üçin tagallasyny dowam etdirjekdigini nygtady.
şeýle-de Howa üýtgemeginden gözbaş alýan aşa howa hadysalary sebäpli dünýä derejesinde her 12 hassahananyň 1-iniň bölekleýin ýa-da dolulygyna ýapylmak howpuna sezewar galyp biljekdigi habar berildi.
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Fiziki howanyň töwekgelçiligi boýunça işler geçirýän ylmy-derňew guramasy XDI (Cross Dependency Initiative), Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP-28) Saglygy goraýyş gününde howa üýtgemeginiň aşa howa hadysalarynyň hassahanalara ýetirýän täsirini derňeýän 2023 Global hassahanalar infrastrukturasy Fiziki howa töwekgelçiligi habarnamasyny çap etdi.
Dünýä derejesindäki 200 müňden gowrak hassahananyň töwekgelçilik analiziniň bar bolan habarnama görä, deňiziň kenarlarynda we derýalaryň golaýynda ýerleşýän hassahanalar iň ýokary howpuň astyndadyr, derýalaryň we ýeriň ýüzündäki suwlaryň joşmagy bilen hassahanalara zeper ýetirmek töwekgelçiligini artdyrýar. Şu asyryň ahyrynda aşa howa hadysalarynyň artmagy we deňizleriň suwlarynyň derejesiniň artmagy bilen kenarýakadaky suw joşmalaryň ýokary tizlik bilen artmagy hem hassahanalara garşy kynçylyklary artdyrýar.