Amerikaly senator Waşingtonyň sionist režimiň Gazadaky jenaýatlaryna gatnaşmagyny tankyt etdi
(last modified Fri, 26 Jan 2024 10:27:12 GMT )
Jan 26, 2024 15:27 Asia/Ashgabat
  • Amerikaly senator Waşingtonyň sionist režimiň Gazadaky jenaýatlaryna gatnaşmagyny tankyt etdi

ABŞ-nyň Demokrat senatory Waşingtonyň Gaza zolagynda sionist režimiň jenaýatlaryna gatnaşandygyny ýazgardy.

Mehr habar gullugynyň anna güni habar bermegine görä; ABŞ-nyň Wermont ştatyndan garaşsyz Demokratik wekili "Berni Sanders" bu ýurduň Senatynyň öňünde eden çykyşynda millionlarça palestinalynyň başdan geçirýän görgilerinde Waşingtonyň Ysraýylyň şärigi bolandygyny aýtdy.

Sanders Gazadaky ýagdaýy sionist režimiň sagçy ekstremist ministrliginiň we premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň alyp barýan işleriniň netijesi hasaplamak bilen Sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy aşa çäklendirmeleri, şeýle hem bu sebite möhüm ynsanperwer kömeginiň iberilmeginiň öňüni almak häzirki zaman taryhynyň iň agyr gumanitar betbagtçylygyna sebäp boldy diýdi.

Sanders soňky çykyşlarynda Gaza zolagynda gumanitar ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda Amerikan ýaraglarynyň roluna salgylanyp Gaza krizisini diňe bizden müňlerçe kilometr uzaklykda bolup geçýän aýylganç krizis hasaplamaly däl; bu biziň hyzmatdaşlarymyz bilen dörän betbagtçylykdyr diýdi.

Ondan öň ABŞ senatynda 16 sany adam hukuklary agzasy, Tel Awiwe ýarag iberilmeginiň haýal etmän bes edilmegini islediler, ýöne bu isleg ABŞ Senatynda ýeterlik ses alyp bilmedi.

Tags