Amerika üçünji gezek Gazadaky ýaraşyk ylalaşygyna weto goýdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gaza zolagynda gyssagly ýaraşyk döretmek baradaky Alžir tarapyndan Arap toparynyň ýurtlarynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde hödürlän teklibini bu geňeşiň agzalaryndan 13 oňyn ses alandygyna garamazdan, oňa weto goýdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sişenbe güni (2024-nji ýylyň 20-nji fewraly) geçirilen mejlisinde ABŞ Alžiriň Gaza zolagynda gyssagly ynsanperwerlik ylalaşygyny talap edýän karar taslamasyna weto goýdy.
Bu rezolýusiýa Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 sesinden 13 oňyn ses aldy, emma ABŞ muňa garşy çykdy we bu kararyň tassyklanmazlygyna ýa-da weto edilmegine sebäp boldy.
Howpsuzlyk Geňeşiniň başga bir agzasy bolan Angliýa hem Alžir tarapyndan teklip edilen karar taslamasyna ses bermekden saklandy.
Bu Gazada ot açyşlygy bes etmek baradaky teklipiň üçünji gezek ABŞ tarapyndan weto goýulmagydyr.
Alžiriň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we wekili Ammar Benjama öz ýurdy tarapyndan teklip edilen rezolýusiýa ses berilmezden ozal beren gürrüňlerinde atyşygyň bes edilmegini, ynsanperwer kömeginiň päsgelçiliksiz döredilmegini we Halkara Kazyýetiniň Gaza zolagynda bolup biljek genosidiň öňüni almak baradaky buýruklarynyň ýerine ýetirilmegini talap edýär diýdi.
ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Linda Tomas Grinfild Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Alžiriň teklip eden kararyna garşydygyny, sebäbi bu teklibiň girew alnanlaryň boşadylmagy barada ylalaşyk gazanmak baradaky tagallalary puja çykarýandygyny toslady.
Russiýanyň we Hytaýyň wekilleri ýaly beýleki agzalar Gazada has köp adamyň öldürilmeginiň öňüni almak üçin atyşygyň bes edilmegini goldadylar, emma bu karar öňki iki karar ýaly ABŞ-nyň weto sesi bilen başa barmady we Sionist režimiň Gaza zolagynda genosidini dowam etdirmek üçin ýoly açyp goýdy.