ABŞ-nyň prezidentiniň çykyşy bilen bir wagtyň özünde Palestina tarapdarlarynyň ýygnanyşygy
Palestina tarapdar ýüzlerçe demonstrant ABŞ-nyň prezidentiniň ýyllyk çykyşy bilen bir wagtyň özünde Ak tamdan ABŞ Kongresine barýan ýoly petiklediler.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni agşam Palestina tarapdar ýüzlerçe demonstrant Palestina goldaw berýän we Gazada ot açyşlygy bes edýän plakatlar göterip ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň sionist režimi barada alyp barýan syýasatlaryna nägilelik bildirmek bilen, Ak tamdan ABŞ Kongresine barýan ýoly petiklediler.
Ak tamyň öňünde we Kongresiň golaýynda demonstrantlar "Biziň adymyzdan öldürme" we Gaza zolagynda haýal etmän atyşygyň bes edilmegi we Sionist režiminiň hüjümleriniň bes edilmegi ýaly şygaryny aýtdylar.
Şol bir wagtyň özünde-de palestinaly-amerikan kanun çykaryjysy we Gaza söweşini ýiti tankytlaýanlaryň biri bolan "Raşida Tlaib", Pensilwaniýa Wekiller Palatasynyň Demokratik agzasy "Samer Li" we ABŞ-nyň Missuri ştatynyň gara wekili Koreý Buş palestinaly çafiýe geýipdirler.