Russiýanyň prezident saýlawlarynda Putiniň ýeňşi
Russiýada geçirlen prezident saýlawynyň yglan bolan netijelerine görä, sesleriň 87,8 göterimini alan Wladimir Putin saýlawda üstünlik gazandy.
Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň görkezijilerine görä, Russiýa Federassiýasynda 15-nji martda başlan we üç gün dowam eden prezident saýlawy, ýurduň günbatar nokadyndaky Kaliningrad sebitinde Moskwa wagty bilen 21.00-da saýlaw merkeziniň ýapylmagy bilen tamamlandy.
Ýurtda 80-den gowrak sebitde geçirlen saýlawa bolan gatnaşyk 74 göterim boldy.
Ses beren saýlawçylar bilen geçirlen sowalnama görä, sesleriň 87,8 göterimini alan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin saýlawda üstünlik gazandy.
Fom firmasynyň saýlawda ses beren saýlawçylar bilen geçiren sowalnamasyna görä, Kommunist partiýasyndan Nikolaý Haritonow sesleriň 4,7, Täze ynsanlar partiýasyndan Wladislaw Dawankow sesleriň 3,6, Liberal demokrat partiýasyndan Leonid Slutskiý sesleriň 2,5 göterimini aldy.
Ses beren saýlawçylar bilen geçirlen sowalnama görä saýlawda üstünlik gazanan Putin, saýlawyň resmi netijeleriniň belli bolmagyndan soň kasam eder we 5-nji gezek 6 ýyl dowam etjek Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy wezipesine başlar.
2000-nji ýylda Putin ilkinji gezek dört ýyl Russiýa Federasiýasynyň prezidenti boldy. Soňra 2004-nji ýylda gaýtadan saýlandy we 2008-nji ýyla çenli bu wezipäni eýeledi. Şondan soň, 2012-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Russiýanyň prezidenti bolup işledi. yeňişi bilen Putin indi ýene 6 ýyl Russiýanyň prezidenti bolar. Russiýanyň prezident saýlawynda Putiniň ýeňşinden soň žurnalistlere bu saýlawyň netijesiniň rus jemgyýetine birleşmegine we güýçlenmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Oppozisiýanyň ölen lideri Alekseý Nawalnynyň tarapdarlarynyň çagyryşy sebäpli özüne garşy geçirilen demonstrasiýanyň saýlawyň netijelerine hiç hili täsiriniň ýokdugyny aýtdy. Şeýle hem Putin Günbatarda, şol sanda ABŞ-da demokratiýanyň ýokdugyny we Russiýada saýlaw ulgamynyň ABŞ-dan has aç-açan bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň esasy duşmany hökmünde, bu ýurduň prezident saýlawlaryndan öň, ABŞ bu saýlawlary geçirmek prosesini bozmak maksady bilen interwensiýa hereketlerini amala aşyrdy we bu maksat bilen Wladimir Putine garşy metbugat we wagyz söweşleri arkaly köp tagalla etdi. Şeýle-de bolsa, ruslaryň Putine beren sesleri bu çäreleriň netijesizdigini görkezdi.