Gazadaky palestinalylaryň öldürilmeginde Iňlis hökümetiniň roluny paş etmek
Soňky hepdelerde esasanam Ysraýyl režiminiň Gaza zolagynda daşary ýurtly kömek işgärleriniň kerwenine eden hüjüminden soň we ýedi adamyň, şol sanda üç Iňlis raýatyň öldürilmegine sebäp bolan paş etmeler, Gazadaky käbir palestinalylaryň Angliýa iberen ýaraglary bilen öldürilendigi aýan edildi.
Sionist režime palestinalylara genosid bolan bomba we ýarag eksportynyň dowam etmegi sebäpli halkyň gahary artdy.
Palestini goldaýanlaryň Angliýada hepdelik köpçülikleýin demonstrasiýalaryndan başga-da, alty ýüzden gowrak Iňlis aklawçysy we hukuk bilermeni bu ýurduň hökümetine hat ýazyp, basyp alnan ýerlere ( Ysraýyl) bomba we ýarag eksportynyň bes edilmegini isledi.
Olar Ysraýyla ýarag ibermegi dowam etdirmek Angliýany bu jenaýatçy režiminiň uruş jenaýatlaryna gatyşdyryp biler we halkara kanunlaryny bozmak işine gatnaşmak üçin Angliýa üçin kazyýet işiniň gozgaljakdygyny aýdýarlar.
Beýleki tarapdan, jemgyýetçilik pikiriniň we raýat guramalarynyň basyşyna garamazdan, Iňlis hökümeti Ysraýyla bomba we ýarag eksportynyň bes edilmegine garşy çykdy.
Şol sebäpli Londonyň Palestina garşy alyp barşyna nägilelik bildirýän Iňlis raýatlary Amerikan we Iňlis hökümetleri üçin demonstrasiýalarynyň iň möhüm habary Ysraýyla syýasy we ýarag kömegini kesmek bilen palestinalylaryň genosidini duruzmakdyr diýdiler.
Iňlis demonstrantlary şeýle hem Günbatar hökümetleriniň on müňlerçe palestinaly aýal-gyzyň we çaganyň gazaply öldürilmegine garamazdan Ysraýyl režgimine goldaw bermegini dowam etdirmegi utandyryjy zatdyr diýmek bilen olar hatda bu jenaýatçy režimine bomba we ýarag ibermegi hem bes etmek islemeýärler diýdiler.
Şol bir wagtyň özünde Iňlisiň daşary işler ministri Deýwid Kameron Amerikaly kärdeşi Entoni Blinken bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Ysraýyla ýarag eksporty baradaky soňky derňewler üýtgän däldir diýdi.