Apr 21, 2024 11:46 Asia/Ashgabat
  • Päkistanyň Lahor şäherinde Palestini goldaýanlaryň uly ýygnagy

Päkistanyň halky Palestinanyň mazlum halkyny goldamak üçin Lahorda ýygnandylar we Gaza zolagynyň ilaty bilen raýdaşlygyny bildirdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, Jamaat-e-Islami partiýasynyň başlangyjy bilen Pakistanyň Lahor şäherindäki Amerikan Baş konsullygynyň ýanynda palestinanyň çydam toplumyny goldaýanlaryň uly ýygnagy geçirildi we gatnaşanlar, Palestinanyň azatlygyny goldamak we Gazanyň şehitleri bilen ähitlerini täzelemek bilen bir hatarda, sionistleriň Palestina halkynyň genosidindäki jenaýatlaryny ýazgardylar.

Pakistanyň Jamaat-e-Islami partiýasynyň täze lideri "Hafiz Naeemur Rahman" Gazada şehit bolanlara hormat goýdy we sionistleriň jenaýatlaryna garşy garşylyk frontunyň ýolbaşçylarynyň berk durmaklaryny we tutanýerliligini öwdi we Päkistan halky hiç wagt Ysraýyl bilen eglişik etmez we bikanun sionist režimi ykrar etmez diýip beýan etdi.

Rahman şeýle-de Pakistan halkynyň soňky demine çenli Palestina halkynyň isleglerini gorajakdygyny we bu ýurduň hökümetiniň Palestina milletiniň isleglerini goramagyny isleýändigini aýtdy.

Germaniýadan, Irlandiýadan we Şweýsariýadan müňlerçe adam sionist režimiň Gaza zolagyna eden hüjümine garşy çykyş etdi we ezilen palestina halkyny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, Ysraýyl goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna eden hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 34 müňden gowrak adama ýetdi.

Tags