Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro Gazada Palestinanyň halkyna garşy dowam etdirýän hüjümleri sebäpli Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini habar berdi
Ýurduň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen "1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni" mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşan Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro, taryhy Boliwar meýdançasynda halka ýüzlenip çykyş etdi.
Gustawo Petro şu gün Ysraýyl döwleti bilen genosid edýän lideri we hökümedi bolmagy sebäpli diplomatik gatnaşyklaryň kesiljekdigini mälim etdi.
Gustawo Petro Gazada Palestinanyň halkyna garşy dowam edýän hüjümler sebäpli Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini habar berdi.
Ysraýylyň Gazada genosid edendigini aýdan Petro: "Şu gün köçelere çykan ähli adamzat biziň bilen ylalaşýar: Biz genosid döwrüne gaýdyp baryp bilmeris. Biz tutuş halkyň adamzadyň gözüniň öňünde ýok edilmegine tomaşa edip bilmeris, Palestina ölse, adamzat hem öler" diýip belledi.
Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro 26-njy martda beren beýanatynda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Gazada ot açmazlyk talap edilip kabul edilen karary durmuşa geçirmän halatynda, Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini habar beripdi.
Şeýle-de BMG-niň Çagalara kömek gaznasynyň (ÝUNİSEF) Metbugat sekretary Jeýms Elder 31-nji oktýabrda Gazany çaga gonamçylygy hökmünde häsýetlendirendiklerini ýatladyp, “Geçen aý Rafahda täze gonamçylyklaryň gurulandygyny we onuň çaga jesetleri bilen doldurylandygyny gördüm” diýdi.
Jeýmes Elder “Guardian” gazetine ýazan makalasynda BMG-de işlän 20 ýyllyk möhletinde Gaza Sektorunyň Han Ýunus we Gaza şäherlerindäki ýitgä meňzeş pajygany görmändigini we Rafaha guralmagy ähtimal gury ýer hüjümine alada bildirýandigini beýan etdi.
Elder makalasynda; “31-nji oktýabrda ÝUNİSEF Gazany çaga gonamçylygy diýip häsýetlendiripdi. Geçen aý Rafahda täze gonamçylyklaryň gurlandygyny we gubyrlaryň çaga jesetleri bilen doldurylandygyny gördüm. Söweş günsaýyn ölüm we pajyga getirýär” diýip, ýazýar.
Ysraýylyň ozal “howpsuzdygyny” öňe süren we 1,5 millin ilatly Rahahyň harby hüjümde dargajakdygyny nygtan Elder, şäherde 600 müňe barabar çaganyň ýaşaýandygyna ünsi çekdi.