Suterist režimiň Rafa şäherine etjek hüjüminiň netijeleri barada Guterreşiň duýduryşy
(last modified Sat, 11 May 2024 07:05:27 GMT )
May 11, 2024 12:05 Asia/Ashgabat
  • Suterist režimiň Rafa şäherine etjek hüjüminiň netijeleri barada Guterreşiň duýduryşy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Rafa şäherine ediljek hüjümiň uly gumanitar betbagtçylyga sebäp boljakdygyny duýdurdy.

IRIB habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" Ysraýylyň Gündogar kudsdaky UNRWA ştab-kwartirasyna eden hüjümini ýazgardy we kömek işgärlerine we ynsanperwerlik edaralaryna garşy nyşana alynmagy bes edilmelidir diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary sözüniň dowamynda Rafadaky ýagdaý dowzahyň ýagdaýna ýetdi we 200,000 töweregi palestinaly Rafany Gazanyň demirgazygyna tarap terk edýär diýip beýan etdi.

Rafaha ýerüsti hüjüm uly gumanitar betbagtçylyga sebäp bolar we ähli tagallalarymyzy ýok eder diýip Guterreş sözlerine goşdy.

Duşenbe güni (6-njy maý) Ysraýylyň uruş kabineti halkara garşylygyna garamazdan Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine ýerüsti hüjümi tassyklady we bu režimiň goşuny sişenbe gününden bäri bu şäheriň gündogaryndaky Rafah geçelgesiniň Palestina bölegini eýeledi.