Owgan talybanlary: Yslam ulgamynyň kölegesinde owganlaryň gowy geljegi bolar
Owgan Talyban hökümetiniň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kabulda Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen bolan duşuşygynda owganlaryň howpsuzlykda we yslam ulgamynyň kölegesinde gowy geljegine eýe boljakdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň serhetaşa Dari radiosynyň habaryna görä, Owganystanyň Talyban hökümetiniň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sirajuddin Hakkani, Kabulda Ýwropa Bileleşiginiň wekili Rafaila ududiçe bilen bolan duşuşygynda Owganlylar kynçylyklary başdan geçirer we ösüş ýolunda bolar diýip nygtady.
Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky wekili hem Owganystandaky parahatçylygyň we howpsuzlygyň dowam etmegine we bu ýurduň halkynyň gowy geljegine umyt baglaýandygyny aýtdy.
Talyban topary 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanda häkimiýet başyna geleli bäri halkara kanunylygyny gazanmaga synanyşýar, ýöne wagtyň geçendigine garamazdan dünýäniň hiç bir döwleti bu topary Owganystanyň resmi hökümeti hökmünde ykrar etmedi.