Jun 28, 2024 12:58 Asia/Ashgabat
  • ABŞ tarapyndan Eýran bilen baglanyşykly üç kompaniýanyň we 11 gäminiň sanksiýalary

Eýranda geçiriljek 14-nji prezident saýlawynyň öňüsyrasynda iň ýokary basyş syýasatyna laýyklykda ABŞ hökümeti Tähranyň ýadro maksatnamasyna kömek etmek bahanasy bilen üç kompaniýa we 11 gämä sanksiýa berdi.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä; ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken penşenbe güni Waşingtonyň "ýadro dartgynlygynyň dowam etmegine" jogap hökmünde Eýrana täze sanksiýalar girizendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary sözüni dowam etdirdi: Penşenbe güni girizilen sanksiýalarda Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän üç kompaniýa bar, olar ABŞ tarapyndan Eýranyň nebit ýa-da nebithimiýa önümleriniň daşalmagyna gatnaşmakda aýyplanýar we bu kompaniýalar bilen baglanyşykly 11 gämi bar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili bu Amerikan sanksiýalaryny Amerikanyň Eýran halkyna garşy alyp barýan zalym ykdysady söweşiniň bir bölegi diýip atlandyrdy.

“Hill” žurnaly hem 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Amerikanyň daşary syýasatynyň guraly hökmünde şahsyýetlere we beýleki ýurtlara garşy sanksiýalaryň soňky iki onýyllykda 10 esse ýokarlandygyny habar berdi.

Tags