Halkara Günä Geçiş guramasy: Amerika Ysraýylyň Palestina genosidindäki şärigi
Halkara Günä Geçiş guramasy, Gazadaky söweşde sionist režimi ýarag bilen üpjün etmek barada Amerika duýduryş berip Waşingtonyň bu režimiň palestinalylaryň genosidinde şärigi bolandygyny aýtdy.
Sionist režgiimiň Gazadaky wagşyçylyklary, Amerikan tarapyndan berlen ýaraglar we Waşingtonyň syýasy goldawy bilen bilelikde boldy, şonuň üçin Waşington BMG Howpsuzlyk Geňeşinde bu urşy bes etmek üçin üç gezek karar kabul edilmeginiň öňüni aldy. Şonuň üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tel Awiwiň bu genosiddäki şärigi bolandygyna şek ýokdyr.
Al Jazeera torunyň beren habaryna görä Halkara Günä Geçiş guramasynyň müdiri Pol O'Brien düýn (sişenbe) beýanat berdi we ABŞ Ysraýylyň ABŞ-da öndürilen ýaraglary uruş jenaýatlary üçin (Gazada) bikanun ulanýandygyny bilýär we bu bolsa, Waşingtonyň Ysraýyla ýarag üpjünçiligi sebäpli bu jenaýatlara has degişlidigini aňladýar diýdi.
Şeýle hem beýannamada şeýle diýilýär: Amerikan hökümeti dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenlerden Amerikanyň ýaraglaryny uruş jenaýatlarynda ulanmak we Ysraýyl tarapyndan adamlary bikanun öldürmek barada köp subutnama aldy.