Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Eýranyň täze prezidentine gutlag haty
(last modified Tue, 30 Jul 2024 06:54:47 GMT )
Jul 30, 2024 11:54 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Eýranyň täze prezidentine gutlag haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, "Masud Pezeşkianyň" Eýran Respublikasynyň täze prezidenti hökmünde saýlanmagyny gutlap, bu halkara guramanyň Eýranyň täze döwleti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş", "Masud Pezeşkian" -yň Eýranyň täze prezidenti saýlanmagyna begenýändigini aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasy Eýranyň  täze döwleti bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Yslam respublikasynyň täze prezidentine üstünlik arzuw edip sebitdäki möhüm ornuna yşarat etmek bilen, sebitdäki krizisleri çözmekde we täze konfliktleriň öňüni almakda Eýranyň täze döwlettiniň roluny oýnamagy sebit we sebitara howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm bolup biler diýdi.

Şeýle hem Guterres, Birleşen Milletler Guramasynyň Eýran Yslam Respublikasynyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalaryny yzygiderli goldamagy maksat edinýändigini aýtdy.

5-nji iýul, anna güni geçirilen Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda, "Masud Pezeşkian" 16 milliondan gowrak ses alyp, Eýran Respublikasynyň 14-nji prezidenti saýlandy.