Aug 17, 2024 19:53 Asia/Ashgabat

Täjigistanyň prezidenti garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini Palestina meselesiniň ýeke-täk täsirli çözgüdi hasaplady.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, "Emomali Rahman" şenbe güni Hindistanyň prezidentiniň baştutanlygyndaky "Günortanyň sesi" wirtual konferensiýasynda Gaza söweşi meselesine yşarat edip, Palestinanyň betbagtçylykly ýagdaýy halkara jemgyýetçiliginiň çuňňur aladasyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti ähli taraplary Gaza zolagynda haýal etmän ot açyşlygy ýola goýmaga çagyrdy we Halkara jemgyýetçiligi Palestinde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin täsirli çäreleri görmelidigini aýtdy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi şu gün, Gaza söweşinde şehit bolanlaryň sany geçen 316 günüň dowamynda, 40 müň 74 adama we ýaralananlaryň sany bolsa 92 müň 537 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Tags