Sep 02, 2024 15:48 Asia/Ashgabat
  • Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi

Ukrainanyň harby güýçleri Russiýa degişli energetika desgalaryna, rus harby güýçler bolsa Kiýewe garşy hüjümlerini artdyrdy.

 

Kiýew Rostowdaky ýene-de bir nebit ammaryna hüjüm gurandygyny tassyklady. Desgada ýangyn boldy.

Ukraina Kirow we Woronež sebitlerindäki enrgetika desgalarynada hüjüm gurady. Russiýa hem Ukrainanyň käbir sebitlerine hüjüm gurady. 

Russiýanyň harby güýçleri paýtagt Kiýewe we Çerkassy sebitlerine köp sanda uçarmansyz howa ulaglary we rekatelar bilen hüjüm gurady. Donetskde aldym-berdimli çaknyşyklar dowam edýärkä, asuda ilat ewakuasiýa edilýär. Beýleki tarapdan Russiýa ABŞ-na garşy täze bir göçüm etdi. 

Aralarynda metbugat işgärleri, kärhananyň ýolbaşçylary, harby resmiler we alymlar bolan 92 amerikan raýaty sanksiýa sanawyna alyndy. 

 

Emma Gollandiýa Ukraina 28 Sowutly Harby Ulag Berendir. Gollandiýanyň Goranmak ministri Ruben Brekelmans, Gollandiýanyň Ukraina 28 sany sowutly harby ulag berendigini mälim etdi.

Goranmak ministri Brekelmans X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Ukraina 28 sany sowutly harby ulag berendiklerini, harby ulaglaryň ulanylmagy boýunça ukranaly esgerlere Gollandiýanyň deňiz piýada goşuny tarapyndan tälim berlendigini nygtady.

Brekelmans “Russiýa garşy Ukraina goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.

Goranmak ministri Brekelmans, Gollandiýanyň NOS teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Ukraina, Gollandiýanyň beren F-16 harby uçarlaryny Russiýanyň topraklarynda hem ulanyp biler” diýdi.

Şeýle-de Ukrainanyň Baş ştabynyň Telegram hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň 26-njy awgustda Ukraina garşy guran howa hüjümlerinde Ukraina degişli F-16 uçarlarynyň uçuş amala aşyrandygy habar berildi. 

Beýanatda F-16-laryň  raketa hüjümlerini serpikdirmek maksady bilen uçuş ýerine ýetirendikleri bellenip: "Howa söweşinde F-16 uçary ýokary netijelilik görkezdi, duşmana degişli 4 ganatly raketa howada ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 

F-16 uçarlarynyň biriniň nyşana golaýlan mahaly arabaglanşygyň kesilendigi bellenen beýanatda: "Nobatdaky nyşana golaýlan mahaly uçarlaryň biri bilen aragatnaşyk kesildi. Ondan soň mälim bolşyna görä uçar ýere gaçdy, uçaryň uçarmany ýogaldy" diýip habar berildi. 

Wakanyň sebäbini anyklamak üçin uçaryň ýere gaçan sebitine derňew geçirmek maksady bilen ýörite toparyň gönükdirilendigi mälim edildi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin Ukraina garşy harby operasiýa barada buýruk berdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy. 

 

 

 

Tags