Sep 26, 2024 13:08 Asia/Ashgabat
  • Sloweniýa Palestina döwletini ykrar etdi

Sloweniýanyň Daşary işler ministri we premýer-ministriniň orunbasary garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Sloweniýanyň Daşary işler ministri we premýer-ministriniň orunbasary Tania Fajun Halkara Kazyýetiniň (ICJ) genosid Ysraýyl režimine garşy çykaran kararlaryny goldady we bu režime ýarag gadaganlygyny isledi.

Häzirki wagtda şu ýylyň sentýabr aýynda BMG Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Sloweniýanyň Daşary işler ministri Ysraýyl regžiminiň Liwanyň Aragatnaşyk enjamlarynda (peýjerler) bomba jaýlamagyny terrorçylykly hereket diýip atlandyrdy.

Şeýle hem Fajun, Halkara Kazyýetiniň Sionist režimi tarapyndan Günbatar Şeriýany we Gaza zolagyny 57 ýyllyk basyp almagyny bikanun diýip yglan eden kararyna ünsi çekip Ysraýylyň basyp alnan Palestina ýerlerinden çekilmelidigini aýtdy.

Garaşsyz Palestina döwleti, BMG-nyň 140-dan gowrak döwleti (agzalaryň üçden iki bölegi) tarapyndan ykrar edilendir.

Tags