Apr 21, 2018 17:29 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýa döwleti raketa we ýadro synaglaryny togtatdy

şu gün Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy şu günden beýläk Pioň-Ýaň döwleti özüniň raketa we ýadro synaglaryny togtatýar we bu ýurdyň demirgazygynda hem bir ýadro synaglar merkezini ýapýar diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu tutum Demirgazyk Koreýanyň işçiler partiýasynyň merkezi komitetiniň ýyllyk maslahatynda tutulandyr.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Un hem bir beýannama boýunça Pioň-Ýaň döwletiniň indiden beýläk raketa we ýadro synaglaryna geregi ýokdyr sebäbi ýadro ýaraglary öndürmek prosesini kämilleşdirendir diýip yglan etdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Trump hem raketa we ýadro synaglaryny togtatmak barada Pioň-Ýaň döwletiniň çykaran beýannamasyny Demirgazyk Koreýa we ähli dünýä üçin gowy habar hasaplady.Trump şeýle-de Demirgazyk Koreýanyň başlygy bilen duşuşyp gürrüň etmäge garaşýanlygyny aýtdy.

Hytaý,Günorta Koreýa we Ýaponiýa resmileri hem raketa we ýadro synaglary ýatyrmak barada Pioň-Ýaň döwletiniň tutan tutumyny garşyladylar.

Tags