Apr 12, 2023 01:15 Asia/Ashgabat
  • Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro kuwwatynyň çalt we iş ýüzünde giňeldilmegini isledi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro kuwwatynyň çalt we iş ýüzünde giňeldilmeginiň gerekdigini belledi

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi Koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, resmi Phenýanyň garşydaş ýurtlaryň artan harby türgenleşikleri bilen ýüz-ýüze galmaklaryndan soň, Kim Çen Yn Zähmetkeşler partiýasynyň Merkezi harby komissiýasy bilen maslahat geçirdi.

Kim Çen Yn maslahatda Komissiýanyň agzalary bilen ýurdunyň söweşe taýarlygyny maslahatlaşdy we ýadro kuwwaty ardyrmaklarynyň gerekdigini beýan etdi.

Maslahatda soňky hepdelerde Demirgazyk Koreýanyň ýarag desgalaryna garşy ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň artan harby türgenleşikleriniň ýagdaýy dartgynlaşdyrandygy habar berildi.

Oňa garşy Demirgazygyň bolsa ähli bu zatlary basyp alyşlyk türgenleşikleri hökmünde häsýetlendirip, Seulyň we hyzmatdaşlarynyň umumy türgenleşiklerine garşy durulmagy üçin goranyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegini we söweşe taýarlyklaryň tamamlanmagyny ara alyp maslahatlaşandygy aýan edildi.

Maslahatda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň barha artýan hüjüm taýarlyklarynyň ortasynda Koreýa ýarymadasyndaky häzirki ýagdaýyň ele alynandygy mälim edildi.

Şeýle-de Hytaýyň Halk azat ediş goşuny, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gönükdirilen raketa daşaýan USS Milius atly harby gämisiniň bikanun ýagdaýda Günorta Hytaý deňizindäki adalaryň biriniň golaýyndan geçendigini we Hytaýyň suw giňişligine girendigini beýan etdi.

Hytaýyň Günorta operatiw serkerdeliginden berilen beýanatda, harby gäminiň ýakyndan gözegçilik edilýändigi we oňa duýduryş berilendigi bellenip: "Hytaý Günorta Hytaý deňizindäki adalarda we onuň töweregindäki deňizde jedelleşiksiz häsýetde özbaşdaklyga eýedir" diýip habar berildi.

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 7-nji flotyndan berilen beýanatda bolsa, harby gäminiň sebitde adaty operasiýalar geçirendigi we ady agzalan sebitden çykyp Günorta Hytaý deňizindäki operasiýlaryny dowam etdirýändigi mälim edildi.

Hytaýyň goşuny 23-nji martda beren beýanatynda, USS Milius gämisiniň Günorta Hytaý deňizindäki Parasel adalarynyň töweregindäki suw giňişligine rugsatsyz ýagdaýda girendigini belläpdi, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri bolsa harby gäminiň adaty operasiýalar geçirýändigini öňe sürüpdi.

 

Tags