Mar 30, 2023 02:42 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýanyň lideri ýurdunyň ýadro gorhanasynyň artdyrylmagyny isledi

Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro gorhanasyny artdyrmak üçin ýarag derejeli ýadro materiallary artdyrmak barada çagyryş berdi

 Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Yn ýurdunyň ýadro ýarag barlygyny artdyrmak barada ýüzlenme berip, ýaraglaryň islendik pursat ulanylmagy üçin taýar ýagdaýda bolmalydygyny beýan etdi. 

Demirgazyk Koreýanyň lideri ýurdunyň ýadro ýarag ulgamlaryny kämil derejede taýar ýagdaýda duran halatynda duşmanyň özlerinden gorkjakdygyny we ýurduň özygtyýarlylygyny, ulgamyny we halkyny öjükdirmejekdigini belledi. 

Şeýle-de Günorta Koreýa we Ýaponiýa Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa deňizine tarap 2 aýry ballistik rakate synagyny geçirendigini habar berdiler

 Günorta Koreýanyň Baş ştaby raketalaryň North Hwanghae sebitinden ýerli wagt bilen sagat 07:47-de we 08:00-da Ýaponiýa deňizine tarap uçurylandygyny mälim etdi. 

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligine görä, gysga aralykly ballistik raketalar howada 370 km uçanyndan soň Ýaponiýanyň milli zolagynyň çäklerinden daşary gaçy. 

Sebitdäki deňiz we howa enjamlaryna zyýan ýetmändigi aýan edildi. 

Raketa synaglarynyň Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň goşunlarynyň 3-nji aprele çenli dowam etjek harby türgenleşikleriň geçirilýän günlerinde ýerine ýetirmegi ünsleri özüne çekdi. 

Emma,BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Russiýanyň talabyna laýyklykda sese goýulan kanun taslamasy 3 döwletiň oňyn sesine garşy 12 döwletiň ses bermekden saklanmagy sebäpli ret edildi. 

Kabul edilmegi üçin BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşindäki 15 agzasynyň 9-syndan oňyn ses almagy zerur bolan kanun taslamasy, BMG-nyň Baş sekretarynyň halkara derejeli garaşsyz bir derňew komissiýasynyň döredilmegini talap edilýärdi, derňewiň giňişleýin, açyk we bitarap ýagdaýda sabotažy derňemegini göz öňünde tutýardy. 

Sabotažyň jogapkärleriniň, tarapdarlarynyň, gurnaýjylarynyň we jenaýat şärikleriniň ýüze çykarylmagyny maksat edinen kanun taslamasy, derňew işine bitarap we halkara derejede abraýa eýe bolan hünärmenleriň bellenmegini talap edýärdi. 

Kanun taslamasy BMG-nyň Baş sekretarynyň 30 günüň dowamynda netijelerini beýan etmegini özünde jemleýärdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň talabynyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde kabul edilmezliginiň gynandyryjydygyny belläp: "Her kim bu terrorçylykly aksiýanyň guramaçylaryny we jogapkärlerini ýüze çykarjak ähli degişli taraplaryň gatnaşmagynda bitarap bir derňewe goldaw bermelidigini pikir edýäris" diýip belledi.

Bu meseläniň ýapylmagyna rugsat bermejekdiklerini aýdan Peskow, waka bilen baglanşykly halkara derňewiň geçirilmegi üçin ellerinden geleni etjekdiklerini mälim etdi.

 

 

 

Tags