Bütindünýä azyk maksatnamasy: Millionlarça owgan gyşda aşa açlyga duçar bolýar
Bütindünýä azyk maksatnamasy Owganystanda millionlarça adamyň gyş möwsüminiň golaýlamagy bilen azyk ýetmezçiligine duçar bolandygyny habar berdi.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä; Birleşen Milletler Guramasyna degişli Bütindünýä Azyk Maksatnamasy duşenbe güni hasabatynda gyşyň gelmegi bilen Owganystanda millionlarça adamyň azyk ýetmezçiligine duçar bolýandygyny we bu adamlaryň köpüsiniň howply saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Bu habara görä, Owganystanda 14,8 million adam gyş möwsüminde gyssagly kömege mätäçdirler.
Şeýle-de bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi (OCHA) 2024-nji ýylda zerur bolan 23,3 million adamyň diňe 15 milliondan gowragyna kömek edip boljakdygyny habar berdi. Bu nukdaýnazardan, ejizleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 3.06 milliard dollar soraldy.
Daşary ýurt kömek guramalary şeýle hem Owganystanyň halkyna kyn gyş garaşýandygyny çakladylar.