BMG Siriýada erkin saýlawlaryň geçirilmegine ünsi çekdi
BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bu ýurtda erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini isledi.
IRNA-nyň habaryna görä, BMG-nyň Damaska giden Siriýa meseleleri boýunça ýörite wekili "Gir Pederson" geçiş döwründen soň täze konstitusiýa bilen täze Siriýada erkin we adalatly saýlawlaryň geçiriljekdigine umyt bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili şeýle hem Siriýanyň halkyna gyssagly ynsanperwer kömegini isledi we bu ýurda garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň bes edilmelidigini aýtdy.
2024-nji ýylyň 27-nji noýabryndan başlap Siriýadaky ýaragly terroristler we garşydaşlar käbir ýurtlaryň goldawy bilen Siriýanyň goşunynyň ýurduň dürli sebitlerindäki pozisiýalaryna garşy uly hüjümleri guradylar we netijede 8-nji dekabrda Damaskyň we Başar al-Assadyň hökümetiniň ýykylmagyna sebäp boldy.
Häzirki wagtda Siriýada bitewi hökümet ýok we bu topragyň her bölegini beýleki ýurtlar tarapyndan goldanýan dürli toparlar dolandyrýar we Siriýanyň käbir ýerlerini henizem Ysraýyl, Amerikan we Türk goşunlary eýeleýär.