BMG-nyň Baş sekretary: Ysraýyl Liwanyň günortasyndaky harby işini togtatmalydyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ysraýyl režiminiň harby amallarynyň we Liwanyň günortasyndaky "basyp alyşlygyň" bes edilmelidigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş, Liwanyň Nakouradaky Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy goraýyş güýçlerini (UNIFIL) baryp gören wagtynda, Ysraýylyň Liwanda basyp alyş we harby operasiýalarynyň dowam etmegi, 1701-nji rezolýusiýanyň bozulmagydyr we bu bes edilmelidir diýdi.
1701-nji rezolýusiýa laýyklykda Liwanyň günortasynda diňe Liwan goşuny we Birleşen Milletler Guramasynyň Parahatçylygy goraýyş güýçleri (UNIFIL) ýerleşip biler.
BMG-nyň Baş sekretary bir ýagdaýda Liwana sapar etdi welin 27-nji noýabrda ot açyşlygy bes etmek baradaky şertnama laýyklykda Liwan goşunynyň Liwanyň günortasynda UNIFIL bilen bilelikde ýerleşmäge 60 gün möhleti bar we Ysraýyl režiminiň goşuny hem yza çekilmelidir.