Bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmegi üçin Siriýa garşy sanksiýalary ýatyrmagyň zerurlygy
(last modified Sun, 26 Jan 2025 07:21:57 GMT )
Jan 26, 2025 12:21 Asia/Ashgabat
  • Bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmegi üçin Siriýa garşy sanksiýalary ýatyrmagyň zerurlygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissary siriýaly bosgunlaryň öz ýurtlaryna dolanmagy üçin Siriýa garşy Ýewropa we Amerikanyň sanksiýalaryny ýatyrmagy zerur hasaplady.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi "X" sosial ulgamynda Tahrir al-Şamyň lideri we Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Abu Muhammet al-Julani bilen siriýaly bosgunlaryň öz ýurtlaryna dolanmagyna nädip kömek edip boljakdygy barada söhbet etdim diýip  ýazdy.

"Al Jazeera" teleýaýlymy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky ýokary Komissaryna salgylanyp, köp sanly siriýaly bosgunyň ýurda gaýdyp başlandygyny we bu hemişelik bolmagy üçin howpsuzlyk, iş, ýaşaýyş jaý we hyzmatlar ugurlarynda maýa goýumlarynyň goýulmalydygyny aýtmak bilen şonuň üçin bu maksada ýetmek üçin ABŞ we Ýewropanyň Siriýa garşy sanksiýalaryny ýatyrmak zerurdyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky ýokary komissarynyň metbugat sekretary William Spindler halkara jemgyýetçiligini siriýaly bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmegi üçin zerur goldaw bermäge we Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine kömek bermäge çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň habaryna görä, 2024-nji ýylda 7,4 million siriýaly içerde awara bolandyrlar we 4,9 million siriýaly goňşy ýurtlara gaçandyrlar.

Ýewropa ýurtlarynda 1,3 milliondan gowrak siriýaly bosgun bar. BMG-nyň hasabatyna görä, iň köp siriýaly bosgun Türkiýe, Liwan, Germaniýa, Yrak, Müsür, Awstriýa, Şwesiýa, Gollandiýa we Gresiýada ýerleşýärler.