Italiýa: Ýewropa-ABŞ söwda urşy zyýanlydyr
Italiýanyň premýer-ministri Ýewropa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda urşuny weýran ediji diýip häsiýetlendirdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Italiýanyň premýer-ministri Jorjia Meloni Amerikan we Ýewropa ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygyny nygtady we bu ykdysady konfliktiň hiç kimiň bähbidine däldigini aýtdy.
Meloni, Söwda profisit meselesi Donald Trumpyň döwründe gozgalan mesele däl-de, eýsem ABŞ hökümetleri tarapyndan ýygy-ýygydan gozgalýandygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Italiýanyň premýer-ministri bu meseläniň deňagramly we peýdaly çözgüdini döretmek üçin tagalla etjekdigini aýtdy.
Financial Times gazetiniň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň duýduryşlary we Amerikanyň ýaranlaryndan we garşydaşlaryndan talaplary, ýurduň maliýe güýjüni täsirli abzal hökmünde ulanjakdygyny görkezýär.
ABŞ-nyň prezidenti kasam kabul ediş gününden bäri Ýewropa Bileleşiginden ABŞ-a getirilýän harytlara salgyt salmak bilen haýbat atdy.