Trumpyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyna Russiýanyň reaksiýasy
ABŞ-nyň prezidentiniň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyna jogap edip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Moskwanyň Tähran bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirjekdigini we sanksiýalaryň bu prosese päsgel bermejekdigini aýtdy.
Sişenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Eýranyň prezidenti bilen gürleşmäge taýýardygyny aýdyp, Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny dowam etdirmek üçin memoranduma gol çekdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa penşenbe güni Trump-nyň Eýrana garşy iň ýokary basyş etmegi talap edýän belligine jogap edip bu çemeleşme bilen eýranly dostlarymyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdireris diýdi.
Pars Today habar gullugynyň habaryna salgylanyp, Zaharowa Russiýa bilen Eýranyň öz ýurtlarynyň halkynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirýändigini aýtdy.
Gazanyň halky barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary \evle-de ABŞ-nyň prezidenti Trump-nyň palestinalylary Gazadan göçürmek baradaky aýdanlary diňe Günbatar Aziýa sebitinde dartgynlylyga sebäp bolar diýdi.