BMG-nyň Baş sekretary Gazada hemişelik ot açyşlygyň bes edilmegini isledi
BMG-nyň Baş sekretary sosial ulgamdaky hasabynda Gazada hemişelik ot açyşlygyň bes edilmegini isledi.
Sahab ulgamyň habaryna görä, Antonio Guterreş X sosial ulgamdaky hasabynda Gazadaky hemişelik ýaraşyk we ähli tussaglaryň derrew boşadylmagy üçin tagalla etmelidiris diýip ýazdy.
Ol şeýle-de uruş sebäpli dörän weýrançylyga we ölüme gaýdyp bilmeris diýip duýduryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretary şeýle hem Ysraýyl bilen parahatçylykda we howpsuzlykda ýaşaýan garaşsyz we durmuşa geçirip boljak Palestina döwletiniň ýeke-täk durnukly çözgütdigini aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Katar, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, 1403-nji ýylyň 26-njy Deýyne laýyk gelýän Ysraýyl bilen Hamasyň ýaraşyk şertnamasyny baglaşandygyny habar berdiler.
Bu şertnama 1403-nji ýylyň 30-njy Deýyne gabat gelýän 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda güýje girdi we birinji tapgyry 6 hepde dowam eder.
Bu etapda şertnamanyň ikinji we soňra üçünji tapgyrynda durmuşa geçirilmegi barada gepleşikler geçiriler.