Zelenskiniň Ak tamda kemsidilmegine global reaksiýalar
Donald Trump bilen Wolodymyr Zelenskiniň arasyndaky jedel giň seslenme döretdi.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Amerikanyň goldawyny gazanmak umydy bilen Ak tama baran Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump we onuň wise-prezidentleri tarapyndan kemsidildi. Bu mesele içerki we halkara derejesinde giň seslenme döretdi.
Ak tamda bolup geçen wakalara jogap edip, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Wolodymyr Zelenskini we Ukrainany goldaýandygyny ýene-de bir gezek yglan etdi we Russiýanyň hüjümçi hökmünde bu söweşiň jogapkärdigini aýtdy.
Iňlis deputaty Alisia Keýns Zelenskiý bilen bolan duşuşygynda Trumpyň özüni alyp barşyny "aç-açan gorkuzmagyň mysaly" diýip häsiýetlendirdi.
Ol şeýle-de X sosial ulgamynda, “Bu içerki amerikan tomaşaçylary üçin masgaraçylykly tomaşa boldy. Bu wideony görmek meni gaty utandyrdy“ diýip ýazdy.
ABŞ Senatynyň Demokratik lideri Çak Şumer Trumpy we wise-prezidentiň Zelenskä bolan garaýşyny tankytlady. Çak Şumer şeýle hem Trump we Wans Putiniň hapa işlerini edýärler diýip sözlerine goşdy.
Demokrat senator Adam Şiff hem Trumpyň Zelenski bilen bolan duşuşygynda özüni alyp barşyny tankytlady.
Görnukly respublikan senator Lindsi Graham hem Trump bilen Zelenskiniň arasyndaky dawa doly betbagtçylyk boldy diýdi.
Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk Zelenskiniň Trump bilen bolan dartgynly duşuşygyndan soň sosial mediada Ukrainany goldaýandygyny habar berdi.
Şol bir wagtda Elon Musk, dünýäniň iň baý adamy we Trumpyň tarapdary we Russiýanyň öňki prezidenti we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Trumpyň Zelenskä bolan çemeleşmesini garşy aldy we Ukrainanyň prezidentini berk tankytladylar.
Ukrainanyň prezidenti Ak tamdan çykandan we Trump bilen dartgynly duşuşykdan soň ilkinji çykyşyny etdi.
Ol Trump, ABŞ Kongresi we bu ýurduň halkyna beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Ukraina adalatly we dowamly parahatçylyga mätäç we biz hem şol ugurda işleýäris diýdi.